https://turkmensport.com/habarlar/hamzat-cimayew-uc-agram-derejesinde-ufc-nin-cempiony-bolup-biler/MIgltKr6gNgBDlE.jpg

UFC-niň ozalky wekili Maýkl Bispingiň pikirine görä, Hamzat Çimaýewiň üç agram derejesinde guramanyň çempiony bolmaga mümkinçiligi bar.

Ol özüniň YouTube kanalynda bu barada şeýle diýdi: «Hamzat häzire çenli göwnüne düwen ähli zadyny başaryp gelýär. Ol alty tutluşyk geçirdi, ählisinde-de ýeňiş gazandy. Meniň pikirimçe, Hamzat diňe öz agram derejesinde däl, goňşy agramlaryň ýene ikisinde hem çempion bolup biler».

Häzire çenli guramanyň taryhynda üç agram derejesinde çempion bolan pälwan ýok. Hamzat Çimaýew häzirki wagtda ýarymagyr agram derejesinde ýaryşýar.