https://turkmensport.com/habarlar/habibin-mersedesi-satylyar/R8Gm1sE9T87TYNW.jpg

«Mersedes-Benz AMG GT 2015» ulagy satuwa çykarylýar. Degişli bildiriş «Avito» internet hyzmatynda peýda boldy. Mahabatyň beýanynda awtoulagyň eýesiniň bir adamdygy we onuň UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedowdygy barada aýdylýar. Satyn alyjy awtoulag üçin 20 million rubl tölemeli bolar.


Žurnalist Aleksandr Lýutikowyň telegram kanalynda ýazyşy ýaly, 2016-njy ýylda bu awtoulagda Mahaçkalanyň köçelerinde — Habibe berilenden bäş aý soň —Nurmagomedowyň ýakyn dosty heläkçilige uçurapdy.

Umuman alanyňda, Habib garyşyk söweş sungatynda 29 tutluşykda 29 ýeňiş gazandy — şol sanda UFC-de 13 duşuşykda 13 ýeňiş.