https://turkmensport.com/habarlar/habib-nurmagomedow-meshurlygym-mana-onaysyzlyk-doredyar/rItNo6DmDEWiaBk.jpg

Ýeňil agram derejede UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedow YouTube-daky Eagle FC kanalyna beren interwýusynda öz meşhurlygy barada şeýle belläp geçdi:

“Men özümi adamlary höweslendirýän ýaly duýýanmy? Hakykaty aýtsam, ýok. Ýöne, elbetde, köpçüligiň meň yzymdan eýerýänini bilýän. Köpçülik men barada bilýär. Men örän meşhur boldum we muny duýýan.

Meselem, haçanda men haýsy-da bolsa bir Ýewropa ýa-da Arap döwletinde, Russiýada ýa-da ABŞ-da köçä çykanymda köpçülik meni tanaýar. Ýöne men özümi şol öňki obadan gelen ýigit diýip bilýän. Käwagt ähli meşhurlygymyň gerimine düşünýärin, ýöne, adatça, bu zatlar hakda pikir etmeýärin. Çynymy aýtsam, meşhurlygym özüme oňaýsyzlyk döredýär”.