https://turkmensport.com/habarlar/habib-nurmagomedow-eagle-fc-49-yn-geciriljek-yerine-biskege-geldi/HEUntFOjMngGSK6.jpg

UFC-niň ýeňil agramynyň ozalky çempiony Habib Nurmagomedow Eagle FC 49 ýaryşyna gatnaşmak üçin Bişkek şäherine geldi. Bu barada ýaryşyň guramaçylary sosial ulgamlarda habar berdiler.

«Habib Nurmagomedow Eagle FC-niň prezidenti Şamil Zawurow, Hasbik ady bilen tanalýan russiýaly blogger Hasbulla Magomedow we toparyň beýleki wekilleri bilen Gyrgyzystana geldi. Olar 10-njy awgustda «Bişkek Arenada» geçiriljek Eagle Fighting Championship 49 garyşyk söweş sungaty ýaryşynyň hormatly myhmanlary bolar» diýip, habarda aýdylýar.

Ýaryşda 14 duşuşyk geçiriler. Esasy waka russiýaly pälwan Rasul Magomedow bilen Gyrgyzystanyň wekili Busurmankul Abdibait Uulunyň arasyndaky tutluşyk bolar.

Habib Nurmagomedow Eagle FC guramasynyň eýesidir.