https://turkmensport.com/habarlar/gwardiola-inkar-etmedi/eaP6CwJkfffs6rd.jpg

Pep Guardiola Bernardo Silwanyň «Mançester Sitini» şu tomusda terk etmek ähtimallygyny inkär etmedi.

- Käte futbolçylary satmaly bolýar. Esasy zat - olaryň nirede oýnamak islemegi. Men adamlaryň islän ýerinde bolmagynyň tarapdary. Muňa hemme bolup kömek etmeli.

Elbetde, Bernardonyň galmagyny islärdim. Çünki ol toparymyz üçin iňňän peýdaly futbolçy. Ýöne geljekde nämäniň boljakdygyny özümem bilemok. Eger ol galsa, has gowy bolardy. Gitse... Futbol - şeýle zat!

Oýunçylarymyň her biriniň haýyş-islegleri bar, men olaryň amala aşmagyna böwet bolýan adam däl. Çünki olaryň karýerasy gysga. Men bolsa klubuň kiçijik bölegi. Klub bilen ylalaşyp işlemek gerek, ýolbaşçylar bir karara gelen bolsa, aýak diräp, garşy çykyp durmak gelşiksiz.

Ispaniýaly tälimçiniň bu sözleri «Goal» neşirinde getirildi.

Öňräk portugaliýaly ýarymgoragçynyň «Barselona» geçip biljekdigi ýazylypdy.