https://turkmensport.com/habarlar/guwanc-kanayew-toparcadan-cykyp-biljek-guyjumiz-bar/P6DGG75WNoJL1vh.jpg

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Guwanç Kanaýew ýygyndynyň Aziýanyň kubogy ― 2022-de öňünde goýan maksatlary barada aýtdy.

Tälimçi Türkmenistanyň yklym ýaryşynyň final tapgyryna 2012-nji ýyldan soň ilkinji gezek gatnaşýandygyna ünsi çekdi. Şeýle hem Guwanç Kanaýew türkmen ýygyndysynyň taryhynda ilkinji gezek ýaryşyň utulan çykdy tapgyryna ýetmäge mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy.

 «Biz 10 ýyllap bu ýaryşyň final tapgyryna gatnaşyp bilmedik. Häzir biz bärde. Üç garşydaşymyz bilen hem gyzykly duşuşyklaryň bolmagyna garaşýarys. Biz her bir garşydaşymyz bilen ýokary derejede oýnap, ýaryşyň indiki tapgyryna çykmaga taýýar» diýip, baş tälimçiniň aýdanlaryny AFK-nyň resmi saýty getirdi.