https://turkmensport.com/habarlar/gurban-berdiyewin-taze-topary-barada-gysgaca-maglumatlar/VdZ1l4e73YUsgxp.jpg

Eýranyň “Traktor” topary 1970-nji ýylda esaslandyryldy. Topar henize çenli Eýranyň çempiony bolup bilmedi. Ýöne topar ýurduň kubogyny almagy başarandyr. 

Topar Töwriz şäherinde ýerleşýär. Sebitiň köp bölegini azerbaýjan dilinde gürleýän halklar tutýar. Hatda “Traktoryň” gimni hem azerbaýjan dilindedir. Töwriz bolsa ýurduň iň uly şäherlerinden biridir: ilaty bir ýarym million töweregi. Ýeri gelende aýtsakbu klubyň Instagramynda 700 müňden gowrak yzarlaýjysy bar.

Toparyň bahasy 8,2 million ýewro diýlip çaklanylýar, bu ligadaky iň ýokary altynjy görkezijidir.