https://turkmensport.com/habarlar/gurban-berdiyewin-russiya-dolanmagyna-garasylyar/YmpmMA9LQfTckKN.jpg

Russiýanyň «Soçi» futbol topary türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewi baş tälimçi wezipesine getirmek baradaky meselä çynlakaý seredýär. Bu barada «Бизнес Online» işewürlik neşiri insaýder Iwan Karpowyň maglumatlaryna esaslanyp habar berdi.

Gurban Berdiýewiň şu ýylyň iýun aýyndan bäri Eýranyň «Traktor» klubuna tälim berýändigini ýatladýarys.

Gurban Berdiýew «Rubin» bilen iki gezek Russiýanyň çempiony bolupdy. 2021-2022-nji ýyllaryň möwsüminde bolsa, ol Gazagystanyň «Kaýratyna» tälim berdi.

Häzir «Soçi» toparyna Aleksandr Toçilin tälim berýär. 17 oýunda 25 utuk toplan «Soçi» 9-njy basgançakdan barýar.