https://turkmensport.com/habarlar/gurban-berdiyew-traktordan-gaytmakcy/28PGmOozcX0vWpF.jpg

Gurban Berdiýew Eýranyň «Traktor» futbol klubunyň ýolbaşçylaryndan özüni baş tälimçi wezipesinden boşatmaklaryny haýyş etdi.

Töwriz şäheriniň klubunyň resmi saýty Gurban Berdiýewiň: «Men Russiýa dolanmaly» diýen sözlerini ýazdy.

Klubuň ýolbaşçylary bu haýyşa öňümizdäki günlerde jogap bererler.

Gurban Berdiýewiň Russiýada ozal «Rubin» we «Rostow» toparlaryna tälim berendigini ýatladýarys. Häzir onuň hyzmatlary bilen «Soçi» futbol topary gyzyklanýar.

Çeşme: turkmensport.com