https://turkmensport.com/habarlar/gumrukci-dasoguzdaky-dususyklary-yenis-bilen-tamamlady/KSbsz7mm0DAZ8cO.jpg

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 22-nji tapgyrynda «Gümrükçi» Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň toparyny 5:0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň futzal topary 22-nji duşuşygyndaky 13-nji ýeňşini gazandy.

22-nji tapgyrdan soň utugyny 42-ä çykaran «Gümrükçi» ýaryş tertibiniň ilkinji üçlügine girmek üçin «Senagatbank» bilen ýiti göreş alyp barýar. Topar häzir üçünji orundaky garşydaşyndan 2 utuk yzda.

22 duşuşykda 16 utuk ýygnap bilen TNGIZT futzal topary bolsa altynjy basgançakda barýar.

5-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek 23-nji tapgyryň duşuşygynda «Gümrükçi» «Ahal» bilen, TNGIZT bolsa «Senagatbank» bilen güýç synanyşar.

22-nji tapgyryň duşuşygynyň Daşoguz şäherinde geçirilendigini ýatladýarys.

Çeşme: tff.com.tm