https://turkmensport.com/habarlar/guardiola-hollandyn-name-ucin-heniz-messinin-derejesine-yetmandigini-dusundirdi/T6qhKCnf9BIq85A.jpg

«Mançester Sitiniň» baş tälimçisi Pep Guardiola Erling Hollandyň ajaýyp statistikasyna garamazdan, näme üçin Leo Messiniň derejesine ýetmändigini düşündirdi.

Guardiola: «Holland diýseň ajaýyp oýunçy, ýöne onuň Messiden tapawudy, ol gol salmak üçin topdaşlarynyň goldawyna mätäç. Messi bolsa hemme zady özi edip bilýär» diýdi. Onuň sözlerini «Goal» paýlaşdy.

Norwegiýaly oýunçy «Siti» üçin 11 oýunda eýýäm 17 gol geçirdi. Holland möwsümiň ahyrynda Premýer-ligada iň köp gol geçiren oýunçylaryň arasynda boljak esasy bäsdeş hasaplanýar.