https://turkmensport.com/habarlar/gonkong-mingazowa-hayran-galyar/l5lz8Qn9pxkR7Dr.jpg

«Kitçiniň» türkmenistanly hüjümçisi Ruslan Mingazow Gankongyň çempionatynyň iň netijeli oýunçylarynyň sanawynda birinji orna geçdi.

Has takygy, Mingazow «Kitçi» — «Taý-Po» (4:0) duşuşygynda tapawutlanyp, futbol boýunça Gankongyň çempionatynyň şu möwsümdäki gollarynyň sanyny 7-ä ýetirdi. Şeýle-de, Mingazowyň hasabynda Gankongyň Senýor Şild kubok ýaryşynda urlan 3 goly hem bar. Şunlukda, ol «Kitçiniň» lybasynda bu möwsümde ähli ýaryşlarda uran gollaryny 10-a tegeledi.

Gazanylan nobatdaky ýeňşinden soňra «Kitçi» utuk sanyny 15-e çykardy. Topar häzirki wagtda turnir tablisasynyň ikinji basgançagyndan barýar.

«Kitçi» indiki oýnuny 26-njy noýabrda «Istern» toparyna garşy geçirer.

Ýeri gelende bellesek, Mingazow «Kitçiniň» düzümine 2022-nji ýylyň baharynda Gazagystanyň «Kaspiý» toparyndan goşulypdy.

Çeşme: kitchee.com