https://turkmensport.com/habarlar/golowkin-bilen-alwaresin-arasyndaky-ucunji-tutlusygyn-geciriljek-wagty-belli-boldy/hhDxr8kTFxp1Au4.jpg

Golowkin bilen Alwaresiň arasyndaky üçünji tutluşygyň geçiriljek wagty we ýeri belli boldy.

IBF bilen WBA-nyň orta agramdaky çempiony Gennadiý Golowkin (42-1) bilen Super orta agramda boks boýunça dünýäniň absolýut çempiony Saul Kanelo Alwaresiň (57-2) arasyndaky tutuluşyk 17-nji sentýabrda, ABŞ-nyň Las Wegas şäherindäki «T-Mobile Arenada» bolar. Muny “Matchroom Boxing” kompaniýasy yglan etdi.

Golowkin bilen Alwaresiň arasyndaky ilkinji iki tutluşyk hem “T-Mobile Arenada” bolupdy.

Alwares bilen Golowkin iki gezek tutluşdylar. 2017-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda bolup geçen ilkinji tutluşykda eminler tarapyndan deňme-deň diýlip netije çykaryldy (118-110, 115-113, 114-114). 

2018-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda bolup geçen ikinji tutluşykda bolsa Alwares eminleriň karary bilen ýeňiş gazandy (114-114, 115-113, 115-113).