https://turkmensport.com/habarlar/golliwudyn-yyldyzy-angliyada-gecirilen-yarysyn-yenijisi-boldy/XWMbVH5yZeWpMg6.jpg

Golliwudyň ýyldyzy Tom Hardi Angliýada jiu-jitsu boýunça geçirilen «UMAC Milton Keynes BJJ Open 2022» ýaryşynda ukybyny görkezip, çempion bolmagy başardy.

Ýaryşyň media-sirke öwrülmezligi üçin oňa Hardiniň gatnaşjakdygy ahyrky pursatlara çenli gizlin saklanyldy. Netijede britaniýaly aktýor ähli garşydaşlaryny ýeňip, altyn medalyň eýesi boldy. Ol final tutluşygynda Endi Lerlendden üstün çykdy.