
2022-nji
ýylyň netijeleri boýunça NBA-nyň iň gymmat klublarynyň sanawy paýlaşyldy.
Forbes
tarapyndan düzülen reýting-sanawynda, soňky iki onýyllygyň içinde «Nýu-Ýork»
bilen «Leýkers» ilkinji orunda däl.
Edil häzir NBA-nyň iň gymmat kluby «Golden
Steýt» eken. Onuň paýnamalary 25 göterim gymmatlap, 7 milliard dollara ýetdi.
Forbese görä, NBA-nyň iň gymmat 10 kluby:
1. «Golden
Steýt» – 7,0 milliard
dollar (+25%);
2. «Nýu-Ýork» – 6,1 milliard (+5%);
3. «Leýkers» – 5,9 milliard (+7%);
4. «Çikago» – 4,1 milliard (+12%);
5. «Boston» – 4,0 milliard (+13%);
6. «Klippers» – 3,9 milliard (+18%);
7. «Bruklin» – 3,5 milliard (+9%);
8. «Dallas» – 3,3 milliard (+22%);
9. «Hýuston» – 3,2 milliard (+16%);
10. «Filadelfiýa» – 3,15 milliard (+29%).