https://turkmensport.com/habarlar/gleyzerler-ronaldodan-sonra-mancester-yunaytedden-hem-dynarlar/CqSSxLqKaNeHWZA.jpg

Gleýzerler maşgalasy Kristiano Ronaldodan soňra «Mançester Ýunaýtediň» özünden hem mahrum bolarlar. Olar 22-nji noýabr güni 17 ýyldan bäri eýelik edip gelýän klubuny satmaga taýýardygyny habar berdiler.

«Daily Mail» neşiriniň habaryna görä, amerikalylar bu satuwdan 5 milliard funt sterlingden gowrak pula hantama. Olar, has takygy, 6-8 milliard sterling aralygynda pul soraýarlar.

«Amazon» we «Facebook» («Meta») ýaly iri IT kompaniýalary kluby satyn almak üçin ilkinji müşderileri boldular.

Bulardan başga-da, käbir döwletler, has takygy, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Kataryň şeýhleri kluby satyn almaga taýýar.

Satyn aljak müşderiden bildirilýän ilkinji talap klubuň stadionynyň ― «Old Trafforduň» düýpli abatlanylmagydyr. Munuň üçin goşmaça 2 milliard ýewro pul gerek bolar.

Çeşme: dailymail.co.uk