https://turkmensport.com/habarlar/gilbert-burns-ufc-bilen-taze-sertnama-baglasdy/oUuDfp6IHPFjEpC.jpg

UFC-niň ýarym agyr agramdaky braziliýaly türgeni Gilbert Burns (20-5) gurama bilen şertnamasyny uzaltdy. Ylalaşygyň şertleri aýan edilmedi.

“UFC bilen täze şertnama gol çekişdim. Edýän aladalary üçin Dana Waýt we Sean Şelbä sagbolsun aýdýaryn. Indiki garşydaşyma garaşýaryn” diýip, Gilbert Burns sosial ulgamlarda habar berdi.

Gilbert Burns 10-njy aprelde, Florida ştatynyň Jeksonwil şäherinde geçirilen UFC 273-de eminleriň biragyzdan kabul eden karary bilen (29-28, 29-28, 29-28) Hamzat Çimaýewden (11-0) ýeňildi.