https://turkmensport.com/habarlar/germaniyanyn-yygyndysynyn-rekordy-tazelendi/eQKnLvIP6gu2dGp.jpg

Ýusuf Mukoko 18 ýaş 3 günüň dowamynda Germaniýanyň milli ýygyndysynyň rekordyny täzeledi.

«Borussiýa Dortmundyň» futbolçysy 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatynda Ýaponiýa (1:2) garşy oýuna gatnaşdy. Ol 90-njy minutda Serj Gnabriniň ornuna girdi.

Şeýlelikde, Mukoko Germaniýanyň düzüminde Dünýä çempionatynda çykyş eden iň ýaş oýunçy boldy.

Umumylykda-da, Mukoko soňky 20 ýylda dünýä çempionatynda oýnan iň ýaş oýunçy boldy.

2002-nji ýylyň 12-nji iýunynda 17 ýaşly ýarymgoragçy Femi Opabunmi Nigeriýanyň düzüminde Müsüre garşy oýnapdyr.