https://turkmensport.com/habarlar/gazak-bokscy-cempionlyk-gusagyny-gorady/uMRGysXeDjuZWYG.jpg

Gazagystanly boksçy Meýirim Nursultanow Polşanyň Lýublin şäherinde geçirilen boks agşamynda ringe çykdy.

Ol çempionlyk guşagyny goramak ugrundaky tutluşygyny argetinaly Marselo Esteban bilen geçirdi. 10 döw dowam eden tutluşyk WBO International guşagynyň häzirki eýesi Nursultanowyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Şeýlelikde, gazak boksçy professional karýerasyndaky 18-nji ýeňşini gazandy, argentinaly boksçy bolsa bäşinji gezek ýeňildi.