https://turkmensport.com/habarlar/gazagystan-2027-nji-yylda-hokkey-boyunca-dunya-cempionatyny-gecirmage-dalasgar-bolar/m7gWN50jjbTdjLm.jpg

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Halkara hokkeý federasiýasynyň prezidenti Luk Tardifi kabul etdi. Söhbetdeşler hokkeýiň ösüşiniň we meşhurlygynyň geljegi, şeýle hem ýurtda iri halkara ýaryşlaryň geçirilişi barada pikir alyşdylar. Bu barada «Kazinform» habar berýär.

Döwlet Baştutany Gazagystanda hokkeýiň meşhurlygynyň ep-esli ýokarlanýandygyny, çagalar we ýaşlar hokkeý mekdepleriniň we ýaşlar toparlarynyň sanynyň artýandygyny aýtdy. Häzirki wagtda bu ýurtda sport bilen 14 müňden gowrak adam meşgullanýar .

Söhbetdeşlikde sport infrastrukturasynyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutany 2023-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek ses berişlikde ýurduň arzasy goldanylsa, Gazagystanyň 2027-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Kasym-Žomart Tokaýew Halkara hokkeý federasiýasynyň taryhynda Aziýa sebitinde hiç wagt ýokary derejeli çempionatlaryň bolmandygyny aýtdy.

Halkara hokkeý federasiýasynyň prezidenti duşuşmak mümkinçiligi üçin döwlet Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi we Gazagystanda hokkeýiň ösdürilmegine berilýän ünse ýokary baha berdi. Gazagystanyň iň ýokary derejeli halkara ýaryşlaryny geçirmegi üçin, ähli zerur infrastrukturalaryň bardygyny aýtdy.