
Gawi Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda Dünýä çempionatynda çykyş eden iň ýaş oýunçy boldy.
Ýarymgoragçy futbol boýunça dünýä çempionatynda, Kosta-Rika (7:0) garşy esasy düzümde oýna girdi we 11-nji minutda geçirilen gol hüjümine gatnaşdy. Şeýle hem, 74-nji minutda bir gol geçirdi.
Häzirki wagtda «Barselonanyň» oýunçysy 18 ýaş 110 günlükdir. Ne Ýewropa, ne-de Dünýä çempionatlarynda Ispaniýanyň taryhynda Gawiden ýaş oýunçy bolmandy.