https://turkmensport.com/habarlar/garsiya-stala-pobeditelnicei-itogovogo-turnira-wta/G564zHLJKY6zFNO.jpg

Fransiýaly tennisçi Karolin Garsiýa WTA-nyň nobatdaky ýaryşynyň finalynda belarusly Arina Sobolenkony ýeňip, çempion boldy. Duşuşyk fransiýaly tennisçiniň 7:6 (7:4), 6:4 hasaplaryndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşyk 1 sagat 41 minut dowam etdi. 29 ýaşly fransuz 11 gezek eýs, topy oýna girizmekdäki bir ýalňyşlyk we bir breýk-poýnt bilen duşuşygy jemledi. 24 ýaşly belarusly tennisçi bolsa 4 eýs, 3 ýalňyşlyk we bir breýk-poýnt bilen oýnady.

Garsiýa karýerasynda ilkinji gezek bu ýaryşyň ýeňijisi boldy. Dünýäniň altynjy raketkasy 2022-nji ýyldaky dördünji kubogyny gazandy.