https://turkmensport.com/habarlar/futzal-boyunca-yygyndy-toparymyz-bakuwda-yoldaslyk-dususygyny-gecirdi/7J0juoDhWqpiKf4.jpg

Futzal boýunça geçiriljek Aziýa Kubogy-2022-niň final tapgyryna taýýarlygynyň çäginde Baku şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän ýurdumyzyň milli ýygyndysy ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Baku şäherindäki «Baki Idman sarayi» sport toplumynda geçirilen duşuşykda ýygyndy toparymyz Azerbaýjanyň ýygyndy toparyny 4:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren toplary Kadyr Berenow, Mülkaman Annagulyýew (2) hem-de Daniil Pançenko öz atlaryna ýazdyrdylar.

Milli ýygyndymyz okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda ýene-de bir ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer diýip, TFF-niň resmi saýtynda habar berildi.

Guwanç Kanaýewiň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler toparynyň Baku şäherinde geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna hem-de Aziýa Kubogy-2022-niň final tapgyrynda çykyş etmek üçin Naýbaşy futzal ligasynda çykyş edýän futzalçylaryň 14-sini (2 derwezeçi, 12 oýunçy) çagyrandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy okuw-tügenleşigi tamamlanandan soň, 23-nji sentýabrda yklym ýaryşynyň geçirilýän ýeri bolan Kuweýte döwletine ugur alar.

Ýygyndy toparymyz 27-nji sentýabr bilen 8-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa Kubogyny-2022-niň final tapgyrynda «B» toparçada çykyş eder.

27-nji sentýabrda geçiriljek duşuşykda ýygyndy toparymyz Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. 29-njy sentýabrda Bahreýniň ýygyndy topary bilen duşuşjak milli ýygyndymyz, 1-nji oktýabrda Täjigistanyň ýygyndy toparynyň garşysyna meýdança çykar.