https://turkmensport.com/habarlar/futzal-boyunca-aziyanyn-kubogy-2022-tajigistan-bahreyni-yendi/M3a0X0MZWQ2mRpf.jpg

Kuweýtde geçirilýän futzal boýunça Aziýanyň kubogynda Täjigistanyň ýygyndysy Bahreýni 4;3 hasabynda ýeňip, «B» toparçada ikinji orna çykdy.

Toparçadaky beýleki duşuşykda Türkmenistanyň ýygyndysynyň Özbegistandan 0:8 hasabynda ýeňlendigini ýatladýarys.

29-njy sentýabrda geçiriljek 2-nji tapgyryň duşuşyklarynda Türkmenistan bilen Bahreýn, Özbegistan bilen Täjigistan duşuşar.