https://turkmensport.com/habarlar/futzal-boyunca-aziyanyn-kubogy-2022-hacan-haysy-yygyndy-bilen-dususyarys/Gi0O5yJEBBERLxA.jpg

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy 23-nji sentýabrda Aziýa Kubogynyň geçirilýän ýeri bolan Kuweýt döwletine ugur alar.

Ýygyndy 27-nji sentýabr bilen 8-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa Kubogy-2022-niň final tapgyrynda «B» toparçada çykyş eder.

27-nji sentýabrda geçiriljek duşuşykda türkmen ýygyndysy Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. 29-njy sentýabrda Bahreýniň ýygyndy topary bilen duşuşjak milli ýygyndymyz, 1-nji oktýabrda Täjigistanyň ýygyndy toparynyň garşysyna meýdança çykar.

Türkmenistanly futzalçylaryň şu günler Azerbaýjanda türgenleşýändigini ýatladýarys.