https://turkmensport.com/habarlar/frank-kessie-milandan-barselona-gecyar/I2V6AA1OzfkGV4R.jpg

Frank Kessie “Milan” bilen hoşlaşdy.

25 ýaşly ýarymgoragçy şertnamasynyň tamamlanandygy üçin italýan klubundan çykdy.

Oýunçy karýerasyny “Barselonada” dowam etdirer. Taraplar ozal dört ýyllyk şertnama boýunça ylalaşypdylar.

“Klubda bäş ýyl oýnanyňdan soň, şundan gowy hoşlaşygy göz öňüne-de getirip bilmersiňiz: biz Italiýanyň çempiony! Bu örän ýakymly duýgy.

Bu meşhur köýnekçäni buýsanç bilen geýip, bu ýyllary gowy topardaşlarym bilen geçirdim.

Hemme zat üçin sag boluň! Hemmäňize sag boluň!” diýip, Kessie Instagramynda ýazdy.

Surat: football-italia