https://turkmensport.com/habarlar/france-football-messi-name-ucin-altyn-pokginin-dalasgarlerinin-sanawynda-yok/PGweF6MOlgt4LBp.jpg

«France Football» žurnalynyň baş redaktorynyň orunbasary Emmanuel Boýan, Lionel Messiniň «Altyn pökgä» dalaşgärleriň sanawyna girizilmegi barada düşündiriş berdi:

«Elbetde, ol bu baýragy 15 gezek gazandy. Hatda baýragyň häzirki eýesi hem Messi. Biz ony sanawa goşmakçydyk. Ýöne baýragyň düzgünnamasyna girizilen täze bentler muňa ýol bermedi. Çünki biz sanawy düzenimizde, futbolçynyň tutuş karýerasyna däl-de, soňky bir ýylyna baha berýäris.

Messiniň Pariždäki ilkinji möwsüminiň garaşylyşy ýaly geçmändigini boýun almak gerek. Muny onuň statistikalary hem görkezýär».

Boýanyň sözleri «Le Parisien» neşirinde getirildi.

Messiniň 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek bu baýrak üçin 30 futbolçylyk dalaşgärleriň sanawyna girizilmändigini ýatladýarys.