https://turkmensport.com/habarlar/fleri-taze-topara-transfer-boldy/AYleTKz7l5LzzTo.jpg

Goragçy Keýl Fleuri «Sittl» hokkeý topary bilen şertnama baglaşdy. Bu barada klubuň resmi saýty habar berýär.

23 ýaşly kanadaly hokkeýçi bilen bir möwsümlik ylalaşyga gelindi. Ol munuň üçin klubdan 750 müň dollar girdeji alar.

Geçen möwsümi «Krakende» geçiren Fleuri 9 duşuşyga gatnaşdy. Esasan, goragda hereket eden oýunçy topardaşlarynyň garşydaş derwezelere şaýba geçirmegine ýardam edip bilmedi.