https://turkmensport.com/habarlar/fisu-2022-turkmenistanly-usucylaryn-ustunlikli-cykyslary/Uc2MKpb6atXwDMy.jpg

Türkmen türgenleri Türkiýe Respublikasynyň Samsun şäherinde geçýän sportuň söweş görnüşleri boýunça talyplaryň (FISU) Dünýä kubogyny uly üstünlikler bilen dowam etdirýärler.

Talyplaryň Dünýä kubogynda ildeşlerimiziň nobatdaky üstünlikleri uşu boýunça gazanyldy. Türkmenistanyň uşu boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Muhammet Jumamyradow 80 kg agram derejesinde çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy.

Şol institutyň 4-nji ýyl talyby Aýgözel Gurbangeldiýewa 48 kg agram derejesinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagyň hötdesinden geldi. Şu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan Maral Ýoldaşowa 52 kg-de şeýle üstünlige ýetdi.

Bürünç medallaryň ýene birini Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Geldimyrat Ataýew gazandy. Ol 70 kg agram derejesindäki ýaryşa gatnaşdy.

Şeýlelikde, uşu boýunça ýygyndy toparymyza agzalyk edýän bäş türgeniň dördüsi öz çykyşyny medally jemledi.

Talyplaryň Dünýä kubogyna 30-a golaý döwletden 772-den gowrak türgen gatnaşýar. Ýaryşa gatnaşýan türkmen toparyna bolsa 67 adam wekilçilik edýär. Şolaryň 52-si türgenlerdir. Munuň özi öňde ildeşlerimize möhüm synaglaryň, jogapkärli tutluşyklaryň hem-de duşuşyklaryň garaşýandygyny aňladýar.