https://turkmensport.com/habarlar/fisu-2022-turkmen-talyplary-yene-iki-medal-gazandylar/NZDkdFvanuYI8Y5.jpg

Türkmen samboçylarynyň ýene ikisiniň Türkiýe Respublikasynyň Samsun şäherinde geçirilýän sportuň söweş görnüşleri boýunça talyplaryň (FISU) Dünýä kubogynda ýygyndy toparymyzyň medally menzillerini uzaldandygy belli boldy.

64 kilogram agram derejesinde göreş düşekçesine çykan ildeşimiz Niýazmyrat Babekow kümüş medal gazandy. 79 kilogram agramda göreşen Bagtyýar Bahramow bolsa kubogyň bürünç medalyna eýe boldy.