https://turkmensport.com/habarlar/fisu-2022-ilkinji-medallar/GsmalGZ9SKNgiAJ.jpg

Türkiýe Respublikasynyň Samsun şäherinde geçirilýän sportuň söweş görnüşleri boýunça talyplaryň (FISU) Dünýä kubogyndan hoş habarlar gelip gowuşýar.

Ilkinji üstünlikler sambo boýunça ýygyndy toparymyza degişli boldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Muhammetmyrat Babekow 58 kg agram derejesinde çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy.

71 kg-de göreş düşekçesine çykan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Sapar Döwletow kümüş medal gazandy. Ýene bir kümüş medaly şol institutyň 5-nji ýyl talyby Faride Mamedowa eýeledi. Ol 72 kg agram derejesinde çykyş etdi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplarynyň ýene biri hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Saýara Awezmetowa 50 kg agram derejesinde bäsleşip, bürünç medaly boýnuna deňemegiň hötdesinden geldi.