https://turkmensport.com/habarlar/finlyandiya-otobralas-na-cempionat-mira-2023/Hz7k5kSV5wX1lqq.jpg

Finlýandiýanyň basketbol boýunça milli ýygyndysy geljek ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Saýlama tapgyryň aýgytlaýjy duşuşygynda finler Estoniýany 76:68 hasabynda ýeňdiler. Şeýlelikde, «J» toparçada birinji orny eýelän fin ýygyndysy, dört ýyldan bir gezek geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyny gazandy.

Finlýandiýa bu hukugy gazanan ilkinji Ýewropa ýygyndysydyr.