https://turkmensport.com/habarlar/finiks-ucin-4-milliard-dollar/83jlWfDTNwgLhuf.jpg

Insaýder Mark Steýniň habar bermegine görä, «Finiks Sanz» topary Milli basketbol ligasynyň taryhynda rekord baha bilen satylar. Klubyň bahasy 4 milliard dollara ýetýär.

Mundan öňki rekkord 3,5 milliard dollara Jozef Saýa satylan «Bruklin» toparyna degişlidi.

Kluby satyn almak isleýänleriň arasynda «Disney» kompaniýasynyň ozalky direktory Bob Aýger, «Amazony» esaslandyryjy Jeff Bezos we Stiw Jobsuň dul aýaly Pauell Jobs bar.