https://turkmensport.com/habarlar/fifa-nyn-taze-reyting-sanawynda-turkmenistanyn-milli-yygyndysy-bir-san-asak-dusdi/x9BTgeZpAZEvrtz.jpg

Şu gün — 23-nji iýunda Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň reýting-sanawyny täzeledi.

Täze sanawda Türkmenistanyň milli ýygyndysy bir san aşak düşüp, 135-nji orny eýeledi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hasabynda 1100 utugy bar. Milli ýygyndy sanawda Filippinler bilen Ruandanyň aralygynda ýerleşýär.

Reýtingde birinji orny Braziliýa (1837 utuk), ikinji orny Belgiýa (1821), üçünji orny Argentina (1770) eýeleýär. Fransiýa (1764) dördünji, Angliýa (1737) bäşinji orunda ýerleşdi.