
Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy ilkinji gezek FIFA-nyň reýtinginden orun aldy. Guramanyň resmi saýtynyň berýän maglumatyna görä, türkmenistanly zenan futbolçylar sanawda 1075,41 utuk bilen 137-nji orny eýeleýärler.
Türkmen ýygyndysy bu sanawa iýul aýynda CAFA-nyň Duşenbe şäherinde geçiren halkara ýaryşyndan soň girizildi. Şol ýaryşda Täjigistan we Gyrgyzystan bilen deňme-deň oýnan türkmenistanly futbolçy zenanlar Özbegistandan we Eýrandan asgyn geldiler.
Başyny ABŞ çekýän sanawda ikinji orny bäş basgançak ýokarlanan Germaniýanyň ýygyndysy eýeleýär. Ýewro-2022-niň çempiony Angliýa bolsa, sekizinjilikden dördünjilige çenli göterildi.