https://turkmensport.com/habarlar/estafetacy-zenanlarymyz-bu-yarysda-da-ikinji/UChjUksUMKPhYZV.jpg

Türkmenistanyň 4x400 metr aralyga estafetalaýyn ylgamak boýunça zenanlar ýygyndysy Samarkant şäherinde geçirilýän ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynyň ikinji ornuna mynasyp boldy.

Türkmenistanly zenan türgenler bellenen aralygy geçmek üçin 4 minut 5,60 sekunt wagt sarp etdiler.

Ýaryşda altyn medala Özbegistanyň (3:52,91), bürünç medala Gazagystanyň (4:22,44) ýygyndysy mynasyp boldy.

Ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatyna Samarkant şäherinde 24-nji sentýabrda badalga berildi. Onuň çäklerinde ýeňil atletikanyň 41 görnüşi boýunça medallaryň 56 toplumy ugrunda ýaryşlar geçirilýär. Şäher bu ýaryşy taryhynda ilkinji gezek kabul edýär. Ýaryşa gatnaşmak üçin Özbegistana dünýä döwletlerinden 300-den gowrak türgen ýygnandy.