https://turkmensport.com/habarlar/erkek-adamlara-peydaly-esasy-sport-gornusleri/UAnYrEIsRQznNud.jpg

Esasan erkek adamlara gabat gelýän sportuň dürli görnüşleri bar. Şeýle-de bolsa, olary öz islegleriňize görä saýlasaňyz, maksada laýyk bolar.

Näme üçin erkeklere sport bilen meşgullanmak maslahat berilýär?

Fiziki işjeňlik bedene aşakdakylar bilen bagly meseleleri çözmäge kömek edýär:

- bedeniň agramyna gözegçilik, artykmaç kilogramlardan wagtynda halas bolmak;

- içki energiýany güýçlendirmek (esasan, dowamly ýadawlyk duýýanlarda);

- içki organlaryň keselleriniň öňüni almak;

- uzak iş we okuw gününiň dowamynda aktiw bolmak mümkünçiligi;

- özüňi duýuşyň ýokarlanmagy;

- has çydamly we sagdyn bolmak;

- gorky we alada duýgusyny aradan aýyrmak;

- organizmi antioksidantlar bilen baýlaşdyrmak (bu daşky keşbiňde aýdyň görünýär);

- beýniniň işleýşini we aň-bilim işlerini gowulandyrmak;

- özüňe erk etmek, tertip-düzgünli bolmak häsiýetlerini ösdürmek;

Erkekler sportuň haýsy görnüşleri bilen yzygider meşgullanmaly?

1. Hokkeý. Bu sporty erkekleriň hakyky meşgullanmaly görnüşi hasaplaýarlar. Türgen toparda oýnamagy, özüni garşydaşlaryndan üstün görmegi, logiki we taktiki taýdan pikirlenmegi öwrenýär.

2. Suwda ýüzmek. Bu sport görnüşi hemme adama maslahat berilýär. Suwda ýüzmek ýürek-damar ulgamynyň işini ýokarlandyrýar, nerw ulgamyny kadalaşdyrýar we dem-alyş organlaryna peýdaly täsir edýär. Suwda ýüzülende adamyň myşsalary deň derejede hereket edýär. Şol sebäpli myşsalar deň ösýär. Köpsanly professional sportçylar suwda ýüzmek bilen hobbi görnüşinde meşgullanýarlar.

3. Trenažýor zalynda meşgullanmak. Eger erkek güýçli we owadan daşky görnüşde bolsa, onda ol adamlaryň arasynda, dürli kompaniýalarda hormat gazanýar. Trenažýor zalyna gatnamak oňaýsyz bolsa, ýörite türgenleşik enjamlaryny öýe ýa-da ofise ornaşdyryp hem bolýar.

4. Söweş sungaty. Döwrebap erkegi häsiýetlendirýän ýene bir zat – bu öz-özüňi gorap bilmek ukybydyr. Söweş sungatynyň görnüşleri köp, ony her adam özüçe saýlap biler. Söweş sungatyny özbaşdak öwrenmek kyn bolany sebäpli, dürli seksiýalara barmak we professional tälimçiniň elinde tälim almak maslahat berilýär.

5. Krossfit. Bu özünde relýefli bedeniniň bolmagyny, çydamlylygyny we reaksiýa tizligini güýçlendirmek isleýänler üçindir. Krossfit özünde dürli maşklaryň toplumyny birleşdirýär, türgeniň bolsa, olary iň maksimal tizlikde etmegi talap edilýär.

6. Toply oýunlar (futbol, woleýbol, basketbol). Bu sport görnüşleri bilen meşgullanýanlarda süňkleriň dykyzlygy ýokary bolýar, netijede, osteoporoz keseliniň öňi alynýar.