https://turkmensport.com/habarlar/emelyanenko-provedet-proshhalnyi-boi-v-fevrale/Rqc1XRPlUEAogRV.jpg

Fýodor Ýemeliýanenko MMA-daky karýerasyny tamamlaýar (ikinji gezek bolsa-da). 

Rowaýaty pälwanyň soňky garşydaşy, Bellatoryň häzirki agyr agramdaky çempiony Raýan Beýder bolar. Olar ozalam 2019-njy ýylda geçirilen Gran-pri finalynda duşuşypdylar.

Şonda 35 sekunt dowam eden tutluşyk Beýderiň nokauty bilen tamamlanypdy.

Nobatdaky çempionlyk tutluşygy Bellator 290 ýaryşynyň çäginde 2023-nji ýylyň 4-nji fewralynda Los-Anjeles şäherinde geçiriler.