https://turkmensport.com/habarlar/elce-talimcisini-wezipesinden-bosatdy/oRnopa0SAzZzHVr.jpg

«Elçe» yzly-yzyna 5 ýeňlişden soň baş tälimçi Fransisko Rodrigesi işinden aýyrdy.

Geçirilen oýunlardaky gol tapawudy 2:14 boldy.

7-nji tapgyrda klub «Raýo Wallekanodan» (1:2) utuldy we La Liganyň ýaryş jedwelinde 1 utuk bilen iň soňky orunda barýar.

Klubuň resmi saýtynda beren beýannamasynda «Klubda işlän döwründe eden yhlasy üçin tälimçä sagbolsun aýdýarys» diýilýär.

44 ýaşly hünärmen geçen ýylyň noýabrynda «Elçä» tälimçilik etdi. 2021/22-nji ýyl möwsüminde topar Ispaniýa çempionatynda 13-nji orny eýeledi.