https://turkmensport.com/habarlar/dunyanin-in-gowy-hujumcisi-robert-lewandowski-nirede-yasayar/ukcDwjGIBTnbJy2.jpg

“Bawariýanyň” futbolçysy Lewandowski 2021-nji ýylda dünýäniň iň gowy hüjümçisi diýlip saýlandy. Robert geçen ýylda 69 top geçirip, Kristiano Ronaldony (47) we Lionel Messini (43) ýeňdi.

33 ýaşly futbolçy ýylda 30 million dollardan gowrak girdeji gazanýar. Lewandowski dünýäniň islendik ýerinde gozgalmaýan emläk satyn alyp bilýär. Ýöne ol elmydama dynç alyş günlerini dogduk şäheri Warşawada geçirýär.

Lewandowskiniň şäher merkezinde bahasy 9 million dollardan gowrak bolan kaşaň kwartirasy bar.

Onda myhmanlara hödür etmek üçin dürli içgileriň saklanýan otagy, kinoteatr we golf klubunyň simulýatory bar. Şeýle hem kwartirada futbolçynyň bedenini bir durkunda saklamaga mümkinçilik berýän sport we dynç alyş merkezi bar.

Kwartiradan Polşa paýtagtynyň ajaýyp görnüşi has aýdyň görnüp dur.

Lewandowskiniň baýlygy 85 million dollar diýlip çaklanylýar. Robert öz ýurdunyň ykdysadyýetine maýa goýmagy makul bilýär. Şeýle-de ol, geljekde has gowy ýerden gozgalmaýan emläk edinip biler.