https://turkmensport.com/habarlar/dunya-cempionatyna-gatnasjak-turkmenistanly-agyr-atletikacylar-belli-boldy/V1240foTEqBgscr.jpg

Agyr atletika boýunça türkmen ýygyndysy 5-16-njy dekabr aralygynda Kolumbiýada geçiriljek agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda çykyş eder. Dünýä çempionatynda çykyş etjek türkmen türgenleri Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) resmi saýtynda atlandyryldy.

Şeýlelikde, 67 kilogram agram derejesinde Bunýad Raşidow, 73 kg-de Maksat Meredow, 81 kg-de Rejepbaý Rejepow, 89 kg-de Şatlyk Şöhradow we Şahzadbek Matýakubow, 102 kg-de Dawranbek Hasanbaýew, 109 kg-den ýokary agramda bolsa Hojamuhammet Toýçyýew dünýäniň çempionlygy ugrunda göreş alyp bararlar.

Gyzlardan bolsa 59 kilogram agramda Medine Amanowa hem-de 81 kg-de Anamjan Rustamowa agyrlygy boýun egdirmegiň sungaty boýunça öz başarnyklaryny görkezerler.

Agyr atletika boýunça kämil hasaplanýan türkmen mekdebiniň wekilleriniň iň iri ýaryşlarda uly üstünliklere eýe bolandyklaryna ünsi çekmek gerek. Bu hakykat türkmenistanly gyz Polina Gurýewanyň Tokio olimpiadasynyň kümüş medalyna eýe bolmagynda, galyberse-de, Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylda Watanymyzda geçirilen dünýä çempionatynda gazanan altyn medalynda öz beýanyny tapdy. Ady rowaýata öwrülen Altymyrat Orazdurdyýewiň üstünlikleri hem milli sportumyzyň taryhyny altyn harplar bilen bezän netijelerdir.