https://turkmensport.com/habarlar/dowletjan-bellatorda-yene-bir-tutlusyk-gecirer/OoXcdmv79Tjsw3t.jpg

Bellator bilen şertnama laýyklykda, indiki tutluşyk - türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradowyň ylalaşyga görä guramadaky iň soňky tutluşygy bolar. 

Soň bolsa, ol ýa-ha Bellator bilen täze şertnama baglaşar ýa-da beýleki guramalaryň birine girer. Döwletjan Ýagşymyradow muny MMATIKA kanalyna beren interwýusynda aýtdy.

"Dolandyryjylar maňa ýekeje tutluşygyň bardygyny we onda ýeňiş gazanmalydygymy aýtdylar. Ine, bar bolany. Soňra biz şertnamanyň uzaldylmagyna serederis ýa-da başga bir ýerini göreris" diýip, Döwletjan gürrüň berdi.

Şeýle-de, Ýagşymyradow UFC-niň ozalky çempiony Lioto Maçida bilen tutluşmak isleýändigini aýtdy.

16-njy aprelde Döwletjan Ýagşymyradowyň Bellator guramasyna goşulandan soňky ilkinji ýeňşini gazanandygyny ýatladýarys.

Häzir Döwletjanyň hasabynda 19 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňlik bar.

Surat: cagesidepress