https://turkmensport.com/habarlar/dota-2-yarysynda-tundra-esports-yenis-gazandy/rU8XB4q2eo3W9H1.jpg

Ýewropa Dota 2 topary bolan «Tundra Esports» 2022-nji ýyldaky halkara çempionatynda ýeňiji boldy.

Jemleýji oýunda topar «Team Secret»-den ynamly öňe saýlandy — oýun 3:0 hasabynda tamamlandy. Bu ýaryşyň taryhynda ikinji «arassa» ýeňiş bolup, iň soňky gezek şeýle netije bäş ýyl mundan bolupdy.

Ýaryşyň baýrak gaznasy 18 mln dollardan gowrak boldy.

Çempion bolan «Tundra Esports» toparyna 8,5 mln amerikan dollary baýrak berildi. Ikinji ýeri eýelän «Team Secret» topary bolsa, 2,5 mln amerikan dollaryny gazandy.