https://turkmensport.com/habarlar/dostluk-topary-moskwada-yetginjeklerin-arasynda-yewraziya-klublarynyn-futbol-yarysyna-gatnasar/9CkazkNX2MWnwUm.jpg

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň (GOÝÇÝSM) “Dostluk” topary 2007-2008-nji ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda Ýewraziýa klublarynyň futbol ýaryşyna gatnaşar. Bu barada Moskwa hökümetiniň maglumat merkezi habar berdi.

Ýaryşyň üçünji gezek geçirilýändigini ýatladýarys. 

Futbol ýaryşy 26-njy iýunyndan 4-nji iýuly aralygynda Moskwada “Sport diplomatiýasy: çäksiz mümkinçilikler” maksatnamasynyň çäginde geçiriler.

GDA döwletlerinden gatnaşjak toparlar: "FŞM" (Russiýa), “Torpedo” (Russiýa), GOÝÇÝSM “Dostluk” (Türkmenistan), Jizzah sebitiniň Çagalar we ýaşlar futbol akademiýasynyň topary (Özbegistan), Andijan futbol akademiýasynyň topary (Özbegistan), “Şerdor” (Özbegistan), Çagalar Futbol ýaşlar Ligasynyň topary (Täjigistan).

Ýarym final we final oýunlary degişlilikde 30-njy iýunda hem-de 2-nji iýulda “VTB Arenada” geçiriler.

Ýaryşyň ýeňijilerine Russiýanyň Futbol Bileleşigi tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşurylar.