https://turkmensport.com/habarlar/dortmundyn-33-yasly-yarymgoragcysy-topardan-gider/lifoQGCaNJ9QVCw.jpg

Ýarymgoragçy Aksel Witsel möwsümiň ahyrynda "Borussiýa Dortmunddan" çykar.

"Dortmundyň" baş tälimçisi Marko Roz 33 ýaşly ýarymgoragçy bilen şertnamany uzaltmazlyk kararyna gelendiklerini tassyklady:

"Witsel ajaýyp oýunçy. Ol "Borussiýada" köp oýun oýnady. Şeýle-de bolsa, biz onuň bilen şertnamany uzaltmazlyk kararyna geldik".

Belgiýaly oýunçy "Borussiýa Dortmundda" 2018-nji ýyldan bäri oýnaýar. Ol tomusda erkin agent bolar. Ozal oýunçynyň karýerasyny MLS-de dowam etdirip biljekdigi barada habar berildi.

Çeşme: goal.com

Surat: news.sportbox