https://turkmensport.com/habarlar/dordunji-operasiyadan-son-yarysa-gaydyp-gelyar/5zxQCjpgZ3usaq6.jpg

Alty gezek MotoGP çempiony Mark Markes dördünji operasiýasyndan soň ýaryşa gaýdyp gelýär.

«Hondanyň» piloty Twitterinde 16 — 18-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Aragon Gran-prisinde çykyş etjekdigini aýtdy.

Mark 2020-nji ýylyň birinji tapgyrynda heläkçilige sezewar bolandan soň, şol möwsümi tutuşlygyna we soňky möwsümiň bir bölegini sypdyrdy. Markes soňky ýaryşyny 29-njy maýda Mugelloda geçirdi, şondan soň ýene operasiýa boldy.

San-Marino Gran-prisinden soň ispan sürüjisi Mizanoda MotoGP baýkyny synagdan geçirdi.