https://turkmensport.com/habarlar/doganlaryn-yensi/ryJW5nstuTtXEpN.jpg

Ispaniýanyň “Atletika” toparynda çykyş edýän dogan oýunçylar bolan Uilýamslar bilelikde netijeli tapawutlanyp toparyna ýeňiş getirdiler.

La Liganyň 7-nji tapgyrynyň çäklerinde “Atletikanyň” “Almeriýa” toparyna garşy geçiren oýnunyň 10-njy minudynda 28 ýaşly Inaki Uilýams 20 ýaşly Niko Uilýamsyň assisti bilen gol geçirdi.

Oýunyň 62-nji minudynda şeýle ýagdaý ýene-de gaýtalandy. Ýöne bu gezek Niko gol geçirdi.

Şeýlelikde doganlaryň ýardamy bilen “Atletika” ynamly ýeňiş gazandy. Oýun 4:0 hasabynda tamamlandy.

Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem şeýle täsin waka futbolda seýrek gabat gelýändir.