https://turkmensport.com/habarlar/dmitriy-korz-her-oyunda-yenis-gazanmak-isleyaris/pst8y8uniWtYbA3.jpg

AFK-nyň resmi web sahypasy Täjigistanyň “Hujandyna” garşy geçiriljek oýundan öň “Köpetdagyň” tälimçisi Dmitriý Koržuň sözlerini paýlaşdy:

“Biziň bu ýaryşa taýýarlygymyz gowy boldy. Bu ýaryş topar üçinem gowy boldy. Sebäbi biz fiziki taýdan has güýçli bolmak üçin taýynlanmaly bolduk. Has möhümi, toparyň ruhy gaty ýokary we her oýunda ýeňiş gazanmak isleýäris” diýdi.

Şeýle hem, AFK-nyň resmi web sahypasy Koržuň: “Klubumyzyň we oýunçylarymyzyň bu ýaryşda oýnamagy möhümdir. Biz garşydaşlarymyzyň derejesini bilýäris we biziň hemmämiziň deň derejededigimize ynanýaryn” diýen sözlerini paýlaşdy.

AFK Kubogy — 2022-niň “E” toparçasynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde “Köpetdag” — “Hujand” duşuşygynyň ertir, 24-nji iýunda Dolon Omurzakow adyndaky stadionda geçiriljekdigini ýatladýarys. Oýun Aşgabat wagty bilen 19:00-da başlar.