https://turkmensport.com/habarlar/dmitriy-biwol-cempionlygyny-gorady/BP3bILObVREi5sa.jpg

6-njy noýabra geçilen gije Abu-Dabide boks agşamy bolup geçdi. Agşamyň dowamynda russiýaly Dmitriý Biwol meksikaly Hilberto Ramires bilen tutluşyp, WBA guşagyny gorady.

Biwol eminleriň biragyzdan kabul eden kararlary bilen ýeňiş gazandy — 118-110, 117-111, 117-111.  Wideo Teswir

Şeýlelikde, russiýaly pälwan karýerasyndaky 21-nji ýeňşini gazandy we WBA çempionlyk adyny gorady. Ramires 44 ýeňişden soň, ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.