https://turkmensport.com/habarlar/demir-adam-nepaga-cykdy/BUX1l4qnLu5REjo.jpg

«Demir adam» lakamly 36 ýaşly ameriklay goragçy Keýt Ýandl karýerasyny tamamlady. Bu barada «Sportsnet» neşiri habar berdi.

Ýandl şu möwsümde hokkeý sportunyň taryhyna girdi. Ol 2009-njy ýylyň 26-njy martyndan bäri wekilçilik eden toparlarynyň ählisinde-de ýekeje duşuşygy hem goýbermän, bassyr 989 duşuşyga çykdy. Hut, şu artykmaçlygy üçin hem oňa «Demir adam» lakamy berildi. Onuň yzygiderli oýunlar boýunça tapgyry şu ýylyň 29-njy martynda tamamlandy.

Ýandl 2021/2022-nji ýyllaryň möwsüminde 77 duşuşykda bir gezek tapawutlanyp, soňky netijeli urgy bilen tamamlanan 18 şaýbany topardaşlaryna geçirdi.

Ol Milli hokkeý ligasynda jemi 1109 duşuşyga gatnaşdy. Şol duşuşyklarda 619 utuk toplamagy başardy. Ýandl karýerasynda «Finiks Koýots», «Arizona Koýots», «Nýu-Ýork Reýnjers», «Florida Panters» we «Fliladelfiýa Flaýerz» toparlarynda çykyş etdi.